Ärdogan: Netanýahu we Gallanty tussag etmek karary ýerine ýetirilmelidir
Türkiýanyň prezidenti Sionist režiminiň premýer-ministri we öňki söweş ministri üçin tussag etmek kararynyň ýerine ýetirilmegini isledi.
Penşenbe güni, 21-nji noýabrda Halkara Jenaýat Kazyýeti Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu we Uruş ministri Ýaow Galanty uruş jenaýatlary, adamzada garşy jenaýatlar we Gazanyň halkynyň açlygyny ýarag hökmünde ulanmakda aýyplap tussag etmek karary berdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Halkara Jenaýat Kazyýetiniň Sionist režiminiň premýer-ministri we öňki uruş ministriniň tussag edilmegi baradaky kararyny goldamak bilen, bu höküm adamzadyň halkara ulgamyna bolan ynamyny täzelemek üçin ähli ýurtlar tarapyndan durmuşa geçirilmelidir diýdi.
Ärdogan şeýle-de, demokratiýany we adam hukuklaryny toslaýan ýurtlar Gazadaky gyrgynçylygy we genosidi duruzmaga synanyşmagyň ýerine Ysraýyly goldaýarlar we zalymlygy we jenaýaty höweslendirýärler we Halkara guramalary we habar beriş serişdeleri Palestinde, Liwanda we dünýäniň beýleki ýerlerinde adamzada garşy edilen jenaýatlary äsgermezlik edýärler diýip sözlerine goşdy.