Eýran ABŞ-nyň Türkiýä garşy girizen gadaganlyklaryny ýazgardy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9562-eýran_abŞ_nyň_türkiýä_garşy_girizen_gadaganlyklaryny_ýazgardy
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Türkiýäniň goranyş senagatyna garşy birtaraplaýyn sanksiýalaryny ýazgardy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Dec 15, 2020 12:48 Asia/Ashgabat
  • Eýran ABŞ-nyň Türkiýä garşy girizen gadaganlyklaryny ýazgardy

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Türkiýäniň goranyş senagatyna garşy birtaraplaýyn sanksiýalaryny ýazgardy.

ABŞ-nyň Gazna ministrligi duşenbe güni Türkiýäniň goranyş senagatyny we dört sany türk resmisini, şol sanda Türkiýäniň goranmak pudagynyň başlygy Ysmaýyl Demiri boýkot edendigini habar berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Russiýanyň ýarag kompaniýasy Rosoboronexport bilen bilkastlaýyn hyzmatdaşlyk edendigi we S-400 raketa goranyş ulgamyny satyn alandygy üçin Katsa diýilýän kanun boýunça Türkiýä sanksiýa berlendigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif sişenbe güni ABŞ-nyň bir taraply hereketine jogap hökmünde "Goňşular bilen ilkinji nobatdaky" hastagyny ulanyp ýazan twit-inde .ABŞ-nyň sanksiýalara endik etmegi we halkara hukugynyň kemsidilmegi gaýtadan özüni görkezdi" diýip nygtady.

"ABŞ-nyň Türkiýä garşy ýakynda girizen sanksiýalaryny berk ýazgarýarys we bu ýurduň halkynyň we hökümetiniň ýanynda durandyrys" diýip Zarif yglan etdi.