Eýranyň Orsýetdäki ilçisi; Tähran-Moskwa gatnaşyklary strategikidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9593-eýranyň_orsýetdäki_ilçisi_tähran_moskwa_gatnaşyklary_strategikidir
Eýranyň Orsýetdäki ilçisi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary strategikidir diýip atlandyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 18, 2020 13:07 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Orsýetdäki ilçisi; Tähran-Moskwa gatnaşyklary strategikidir

Eýranyň Orsýetdäki ilçisi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary strategikidir diýip atlandyrdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Orsýetdäki ilçisi "Kazem Jalali" Sputnik habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde käbir taraplaryň Tähran-Moskwa gatnaşyklaryny peseltmäge synanyşýandygyna yşarat edip Eýran-Orsýetiň gatnaşyklary köp ugurda strategiki bolup, bu gatnaşyk günsaýyn çuňlaşýar diýdi.

Jelali, Eýranyň bilen Orsýetiň Amerikanyň sanksiýalaryň nyşanydygyna ünsi çekip bu meselede iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda dollara garaşlylygy azaltmalydyr diýdi.

Eýranyň Orsýetdäki ilçisi şeýle-de iki ýurduň arasyndaky maliýe ulgamy işjeňleşdirildi we gowy ýoldadyr diýmek bilen, häzirki wagtda Eýran bilen Orsýetiň arasyndaky söwda mukdarynyň 40% töweregi milli walýutalarda amala aşyrylýar diýip yglan etdi.