Amir Abdullahian: Sionistleriň sebitde geljegi ýok
Eýranyň parlament başlygynyň Halkara gatnaşyklary boýunça ýörite kömekçisi Ysraýyl režimini galp režim diýip atlandyrmak bilen şübhesiz, sionistleriň sebitde ýeri we geljegi ýokdyr diýdi.
Eýranyň parlament başlygynyň Halkara gatnaşyklar boýunça ýörite kömekçisi Huseýin Amir-Abdullahian, Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) we Palestina Yslam Jyhadynyň Tährandaky gulluklarynyň baştutanlary bilen duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasy diňe "Mukaddes Kudusyň" paýtagtlygynda Palestini ykrar edýär diýdi.
Eýranyň mejlis başlygynyň Halkara gatnaşyklar boýunça ýörite kömekçisi, az sanly arap liderleri bilen sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyny gülkünç we puç hasaplamak bilen Sionistleriň sebite aýaklaryny açmagynyň ýeke-täk netijesi,sebitde hemmeleriň zyýanyna boljak howpyň we durnuksizlygyň ýokarlanmagydyr diýdi.
Amir Abdullahian şeýle-de Şu gün sionistleriň içerki syýasy taýdan iň erbet ýagdaýynda durýandyklaryny aýtdy.
Tährandaky Hamasyň ofisiniň başlygy Halid Kudumi we Palestina Yslam Jihady ofisiniň başlygy Nasser Abu Şerif hem Palestindäki soňky wakalary beýan etdi we garşylygyň Mukaddes Kudusy we Palestinanyň taryhy topragyny azat etmek kararyna ünsi çekdi.