Ruhani: Milli nebithimiýa taslamalarynyň açylyşy Eýran halkynyň güýjüni görkezýär
(last modified Thu, 24 Dec 2020 12:02:46 GMT )
Dec 24, 2020 17:02 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Milli nebithimiýa taslamalarynyň açylyşy Eýran halkynyň güýjüni görkezýär

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, milli nebithimiýa taslamalarynyň Eýranyň ýaşlary we hünärmenleri tarapyndan açylyşyny Eýran halkynyň güýjüniň alamaty we global ulumsylyga uly zarba diýip atlandyrdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni wideo konferensiýa görnüşinde geçirilen milli önümçilik badalgasynyň 38-nji hepdesinde Ilam, Günbatar Azerbaýjan we Hamedan welaýatlarynyň üçüsinde milli nebithimiýa taslamalarynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda sanksiýalar döwründe tutuş Eýran, hemmeleriň işjeň gatnaşmaklarynda uly ykdysady ussahanasyna öwrüldi diýdi.

Ruhani, Eýranyň milli güýjüniň şu gün ýüze çykandygyny we hemmeleriň uly üstünlik gazanmak üçin birleşendigini aýtmak bilen uly nebithimiýa senagatynyň milli taslamalarynyň açylyşy, beýik Eýran halkynyň ähli pudaklarda, şol sanda senagatda üstünlik gazanmagynyň alamatydyr diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şeýle-de ykdysady söweş serkerdelerini gutlamak bilen Eýranda öndürilen nebithimiýa taslamalary, Eýranyň senagatyny ýapmak üçin göreşen global ulumsylyga uly zarbadyr diýdi.

Ruhani ykdysady söweşiň ömrüniň gutarandygyny we bu urşuň erbet serkerdesi bolan adamyň syýasy durmuşynyň ahyrynda bolandygyny beýan etmek bilen şeýle diýdi: beýik Eýran halky, taryhda buýsançly bolşy ýaly, baky ýaşar we buýsanar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Ykdysady söweşde duşman köp maksatlary yzarlaýardy ýöne nebit we bank bu ykdysady söweşde duşman tarapyndan her gün hüjüm astyna alynan Eýranyň iki esasy pudagydy emma begenç bilen halkyň çydamlylygy we Eýranly hünärmenleriň tagallasy bilen bu etap geçdi. 

Tags