Ruhani: Eýran halky çydamlylygy bilen uly üstünlik gazandy
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, beýik Eýran halkynyň ykdysady urşa, ABŞ-nyň adamkärçiliksiz sanksiýalaryna, şeýle hem erbet korona wirusyna garşy göreşine ýokary baha berdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň "Prezident Hasan Ruhani" üç güýçleriň ýolbaşçylarynyň Yslam şura mejlisinde geçiren ýygnagynyň ahyrynda beren gürrüňlerinde sanksiýalary nädip zyýansyzlandyrmaly we bozmalydygy barada kanun çykaryjy we kazyýet ýolbaşçylary bilen oňyn gepleşikleri geçirendigini aýtdy.
Ruhani, mejlisiň eýeçiliginde we deputatlaryň garaýan 1400 ýylynyň býudjet kanuny barada kanun çykaryjy we kazyýet ýolbaşçylary bilen pikir alyşandygyny aýtmak bilen Hökümetiň ykdysady topary bu meselede wekiller we Yslam şura mejlisiň bilelikdäki topary bilen pikir alyşmagy meýilleşdirýär diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti korona sanjymyny nädip taýýarlamalydygy barada-da hem şeýle diýdi: "Sanjymy taýýarlamagyň birnäçe usuly bardyr diýmek bilen bu aralykda, iki sany uly edara we bilime esaslanýan kompaniýa içerde sanjymy öndürmek üçin işleýär diýip beýan etdi.
Ruhani sözüniň üstüni ýetirdi: "Adamlar sanjym daşary ýurtdan satyn alynsa, onuň doly ynam bilen ýerine ýetiriljekdigine we içerki sanjymlar öndürilende sanjym rugsady gutarnykly kepillik alnanda beriljekdigine ynanmalydyrlar".