Ruhani: Sardar Soleimani milli gahryman we musulman halklarynyň buýsanjydyr
(last modified Wed, 30 Dec 2020 17:37:06 GMT )
Dec 30, 2020 22:37 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Sardar Soleimani milli gahryman we musulman halklarynyň buýsanjydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti General Şehit "Gassem Soleimani" milli gahryman we Eýran halkynyň, sebitiň we musulman halklarynyň buýsanjydyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün geçirilen ministrler kabinetinde Sardar Soleýmanyň şehit bolmagynyň ýyl dönümine yşarat edip şeýle diýdi: Ertir tamamlanjak ýyl, ABŞ-nyň resmileri, şol sanda Prezident we Döwlet sekretary tarapyndan terror edilen beýik generalyň şehit bolmagynyň hasraty bilen bellendi diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň Kuds güýçleriniň serkerdesiniň terror edilmegine beýlekileriň hem gatnaşandygyny aýdyp: Eýran halkynyň öz eziz balasynyň ganyndan ar almak-da we şol eziziň aýrylmaz hukuklaryny goramak-da haklydyklaryny nygtady.

Ruhani Eýranyň dürli şäherlerinde Şehit Soleýmanyň jesediniň hyjuwly şaýylygyny ýatlap, sözüniň dowamynda Trump we Ysraýyl režimi serkerdäniň gidenine gynanç bilen Eýranyň, Yragyň, Liwanyň we sebitiň hemmesiniň köçelere çykjakdygyny pikir etmediler diýdi.

Eýranyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy şeýle-de Yrak parlamentarileriniň ABŞ goşunlaryny şol ýurtdan çykarmak baradaky ses berişligi, ABŞ-nyň terrorçylyk režimine-de Yrakda öz ornunyň bardygyny pikir etmezlik üçin güýçli zarba boldy diýdi.

Tags