Şamhani: Sanksiýalary ýatyrmak Waşingtonyň şowsuz strategiýadan gaýdyp gelmeginiň ýeke-täk mümkinçiligidir
Eýranyň Milli Howpsuzlyk Ýokary Geňeşiniň sekretary sanksiýalaryň doly we kesgitli ýatyrylmagyny Waşingtonyň ABŞ-nyň prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasyna garşy iň ýokary basyş strategiýasyndan gaýdyp gelmegi üçin ýeke-täk mümkinçilik hasaplady.
Eýranyň Milli Howpsuzlyk Ýokary Geňeşiniň sekretary admiral Ali Şamhani ýekşenbe güni twitter hasabynda şeýle ýazdy: Amerikanyň ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmegi ýaly ähmiýetsiz temany ulaltmak üçin alyp barýan düşünjeli söweşiniň soňy bolmaz.
Eýranyň Milli Howpsuzlyk Ýokary Geňeşiniň sekretary şeýle-de sanksiýalaryň doly we kesgitli ýatyrylmagy Waşington üçin ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň şowsuzlyga uçran "iň ýokary basyş" strategiýasyndan gaýdyp gelmek üçin ýeke-täk mümkinçilikdir diýip yglan etdi.