Jan 13, 2021 18:02 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Trump administrasiýasynyň soňy, gorkuzmagyň gowy gutarmajakdygyny görkezdi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ABŞ-da Donald Trump administrasiýasynyň utanç we ruswaçylyk bilen tamamlanmagy, azar bermegiň, jynsparazlygyň we kanuny bozmagyň gowy gutarmajakdygyny görkezdi diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisinde Eýranyň heläk bolan şasynyň (1979-njy ýylyň 16-njy ýanwary) ABŞ-da Trump administrasiýasynyň soňlanmagyna meňzeş waka bilen işden aýrylmagynyň ýyl dönümini ýatlap Eýrandan kowulan Şahyň gaçmagy daşary ýurtlaryň Eýranda zulum etmekleriniň we agalyk etmekleriniň soňunyň nyşanasy bilip häzirki wagtda hem dünýä ABŞ-da başga bir diktatoryň ýykylmagynyň täsin hadysasyna şaýatlyk edýär diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, soňky üç ýylda Eýranyň sabyrly halkynyň ABŞ-nyň terrorçy hökümetine garşy durandygyna yşarat etmek bilen şu günler bir hökümetiň soňy däl, eýsem Eýranyň beýik halkyna garşy "iň ýokary basyş"syýasatyň şowsuzlyga uçramagydyr diýip nygtady.

Ruhani şeýle-de Üç ýyllyk söweşiň, zorlugyň we terrorçylykly hereketleriň ahyrynda Eýranyň ykdysady ýagdaýy gowulaşdy we ähli basyşlara we korona wirusyna garamazdan ýurduň ykdysadyýeti ösüp barýandyr diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de  ABŞ-nyň iň ýokary basyş we ykdysady terrorçylyk syýasaty şowsuzlyga uçrady we bu syýasaty meýilleşdirijiler hem ýykylmagyň bosagasyndadyrlar diýdi.

Tags