Amir Abdollahian Ýewropa Bileleşiginiň Siriýanyň Daşary işler ministrini boýkot etmegini ýazgardy
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işleri boýunça ýörite kömekçisi, Ýewropa Bileleşiginiň Siriýanyň Daşary işler ministrini sanksiýa girizmek baradaky hereketi Trumpyň paýhassyz keşbini ýada salýar diýdi.
Eýranyň mejlis başlygynyň Halkara gatnaşyklary boýunça başlygynyň ýörite kömekçisi Huseýin Amir-Abdollahian Twitterde Ýewropa Bileleşiginiň Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal al-Makdada garşy girizen sanksiýalaryny ýazgarmak bilen al-Makdad diplomatiýa we DAEŞ guramasynyň terrorçylyk söweşine garşy göreşde şöhle saçýan Siriýanyň halkynyň sözleýiş dilidir diýip beýan etdi.
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işleri boýunça ýörite kömekçisi şeýle-de Ýewropa Bileleşigi diplomatiýanyň mukaddesligine hormat goýmalydyr diýdi.
Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi resmi gazetinde çap edilen resminamada Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal al-Makdady esassyz bahanalar bilen Ýewropa Bileleşiginiň şahsyýetlere garşy girizilen sanksiýalar sanawyna goşdy.