Zarifiň Moskwa sapary;
(last modified Tue, 26 Jan 2021 10:40:30 GMT )
Jan 26, 2021 15:40 Asia/Ashgabat
  • Zarifiň Moskwa sapary;

Zarifiň Moskwa sapary; Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine laýyklykda sebitleýin geňeşmelerdir.

  Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif, sebit saparynyň ikinji tapgyrynyň çäginde 26-njy ýanwarda sişenbe güni Moskwada rus resmileri bilen duşuşdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi bu ýygnak mynasybetli beýannama berdi; "Biz Eýran bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegi we sebit durnuklylygy we halkara howpsuzlygy üçin bu ýurt bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi ýüregimize düwdük we Eýran-Russiýa gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda oňyn tendensiýalaryň güýçlenjekdigine umyt edýäris.diýdi"

Soňky on ýylda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara seredeniňde, Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşandygyny we bu gatnaşyklaryň strategiki bolmagyna sebäp bolandygyny görkezýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Eýran bilen Russiýa, esasanam howpsuzlyk we ABŞ-nyň birtaraplaýynlygyna garşy durmak meselesinde   görkezdiler. Barjamdan başga-da, Eýran we Russiýa Tähranda we Moskwada Siriýadaky wakalar barada möhüm duşuşyklar geçirdi. Bu saparda Nagorno-Garabag sebitindäki ýagdaý, Barjam, Siriýa-Owgan konfliktiniň çözülmegi ýaly möhüm meseleler geçirildi.  Pars aýlag sebiti we beýleki meseleler gözden geçirilýär.

Bu komponentleriň utgaşmasyny göz öňünde tutup, Zarifiň Moskwa sapary iki sebäbe görä möhümdir:

Birinji sebäp; Gatnaşyklaryň bu derejesiniň wezipeleri we netijeliligi, ABŞ-nyň birtaraplaýynlygyndan we ABŞ-nyň sebite goşulyşmagyndan tapawutlylykda köptaraplylygy güýçlendirmekdir.

Zarifiň Russiýa saparynyň ähmiýetiniň ikinji sebäbi Ýewraziýanyň we onuň töweregindäki geosyýasy sebitde bolup geçen wakalardyr.

Bu nukdaýnazardan, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň Russiýa eden soňky saparynyň ahyrynda Eýran bilen Russiýanyň bilelikdäki beýanyna salgylanyp bileris: Tähran we Moskwa ýörelgelere esaslanýan köpçülikleýin we köptaraplaýyn çemeleşmeleri işjeň durmuşa geçirmegi maksat edinýärler. we derwaýys sebit we global meseleleri çözmek üçin halkara hukugynyň belli umumy düzgünlerini öňe sürmekdir.