-
Eslami: Eýranyň urany baýlaşdyrmak kuwwaty iki esse ýokary boldy
Dec 18, 2022 13:03Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy Muhammet Eslami ýurduň mejlisi tarapyndan Strategiki hereket kanunynyň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurduň urany baýlaşdyryş kuwwatynyň bu pudagyň tutuş taryhyndan iki esse ýokary derejä ýetendigini aýtdy.
-
Antonow: Amerikanyň Russiýa garşy alyp barýan syýasaty henizem Sowuk urşuň logikasyna esaslanýar
Dec 18, 2022 09:52Russiýanyň Amerikadaky ilçisi bu ýurtdaky Sowuk Uruş mentalitetini tankytlady we Amerikanyň Russiýa garşy alyp barýan syýasatynyň henizem Sowuk Urşuň logikasyna esaslanýandygyny aýtdy.
-
Russiýanyň 6 sany teleýaýlymyň Moldowanyň hökümeti tarapyndan togtadylmagyna Russiýanyň reaksiýasy
Dec 18, 2022 09:37Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Moldowanyň hökümeti tarapyndan Russiýanyň 6 teleýaýlymynyň ýaýlymynyň togtadylmagyna reaksiýa bildirdi.
-
Amir Abdollahian: Ysraýyl režimi sebitiň howpsuzlygyna çynlakaý howpdyr
Dec 17, 2022 06:03Eýranyň Daşary işler ministri Sionist režimi galp we bikanun režimdir diýmek bilen sebitiň howpsuzlygyna çynlakaý howp diýip hasaplady.
-
Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki dolandyryş komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
Dec 17, 2022 05:552022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gibrid görnüinde, 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki dolandyryş komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
-
dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti geçirildi
Dec 17, 2022 05:512022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi.
-
Aýatolla Hatami: Üç ada Eýranyň aýrylmaz we baky bölegidir
Dec 16, 2022 18:32Tähranyň juma namazynyň ymamy Aýatolla Seýid Ahmad Hatami üç ada Yslam Eýranyň aýrylmaz we ebedi bölegidir, we ýurdumyzyň bitewiligi barada hiç kimiň öňünde ýüze galmarys we bu meselede berk amal ederis diýip beýan etdi.
-
Türkiýe, Türkmenistan we Azerbaýjan ýolbaşçylarynyň bilelikdäki beýany
Dec 16, 2022 16:46Üç taraplaýyn ýygnakdan soň Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň baştutanlary ykdysady we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň zerurdygyny aýtdylar.
-
Raisi: Soňky dildüwşükde duşmanyň hasaplamasy nädogry boldy
Dec 16, 2022 11:43Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýran halkynyň düşünjesi bilen soňky dildüwşükde duşmanyň hasaplamasy nädogry boldy diýdi.
-
Eýrana garşy rezolýusiýanyň tassyklanmagyna Eýranyň reaksiýasy: kanunylygy ýok we hakyky däl
Dec 16, 2022 10:33Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Kanadanyň teklibi bilen Ýewropa ýurtlarynyň we Sionist režimiň goldawy bilen BMG Baş Assambleýasynda Eýrana garşy rezolýusiýanyň tassyklanmagyny esaslandyryjylaryň ikiýüzliligini görkezýändigini aýtmak bilen onuň kanunylygynyň we ygtybarlylygynyň ýokdugyny beýan etdi.