-
Aňtaw ministri: Sionist režimiň aňtaw gullugynyň amaly we strategiki hazynasyny aldyk
Jun 09, 2025 08:35Eýran Yslam Respublikasynyň Aňtaw ministri Sionist režimden alnan maglumatlary açyklamak bilen, bu maglumatlary “amaly we strategiki aňtaw hazynasy” hökmünde häsiýetlendirdi we şeýle diýdi: Bu hazyna giň, giňişleýin we çylşyrymly işiň netijesinde alyndy.
-
Albanese: Amerika Gazadaky çagalaryň açlyk çekmeginde rol oýnaýar
Jun 07, 2025 13:41Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar Amerikanyň kompaniýasy tarapyndan Gazanyň ýaşaýjylarynyň arasynda ynsanperwer kömegini paýlamak prosesini berk tankytladylar we sionist režimiň sebitdäki sosial bulam-bujarlyk üçin howply taslamasyna ünsi çekdi.
-
Näme üçin urany baýlaşdyrmak Eýran üçin gyzyl çyzyk?
Jun 07, 2025 12:49Eýranyň urany baýlaşdyrmak we ýadro ýangyjyny öndürmek siklini Eýranyň topragynda saklamagy, parahatçylykly peýdalanmagyň çäginde we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň gözegçiligi astynda tebigy bir "strategiki päsgelçilik" döredýär.
-
Aragçi: Lideriň fatwasy - Gyzyl çyzygymyzdyr; Ýadro ýaraglary haram we kabul ederliksizdir
Jun 07, 2025 10:05Eýranyň Daşary işler ministri, Yslam respublikasynyň ýadro ýaraglarynyň düýbünden gadagan edilmegi baradaky prinsipial pozisiýasyna berk ünsi çekip, Yslam Rewolýusiýasynyň lideriniň, ýadro ýaragynyň gadagan edilmegi baradaky fatwa Eýran üçin eldegrilmesiz ýörelgedir diýdi.
-
Fransiýa we Belgiýa Ysraýylyň Beýrutyň günortasyna eden hüjümini ýazgarýarlar
Jun 07, 2025 09:46Fransiýa we Belgiýa Ysraýylyň Liwanyň paýtagty Beýrutyň günortasyndaky Zahiýa sebitine eden hüjümini ýazgardy we taraplary ýaraşyk şertnamasyny ýerine ýetirmäge çagyrdy.
-
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy duýduryş berýär: Gazanyň saglygy goraýyş ulgamy çökmek howpyndadyr
Jun 07, 2025 09:28Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Gazanyň saglygy goraýyş ulgamynyň doly çökmegi barada duýduryş berdi we iki esasy saglyk merkeziniň, Nasser lukmançylyk toplumynyň we Al-Amal keselhanasynyň doly ýapylmak howpunyň bardygyny aýtdy.
-
Aragçi: Men diplomat we meniň wezipäm parahatçylygy gazanmakdyr
Jun 05, 2025 13:31Liwanyň “Al-Manar” teleýaýlymy bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi meniň tebigat boýunça diplomatdygyny we meniň maksadymyň parahatçylygy gazanmakdygyny aýtmak bilen Diplomatiýanyň penjiresiniň henizem açykdygyna we gepleşikler arkaly çözgüt tapmagyň hakyky mümkinçiliginiň bardygyna ynanýaryn diýdi.
-
Galibaf: Ymam Homeýni diňe bir milletiň taryhyny däl, eýsem adam oýanmagynyň ýoluny hem üýtgetdi
Jun 05, 2025 12:39Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Ymam Homeýniniň mekdebiniň rasionalizm, adalat we ruhy taýdan çuňlugyny ykrar etmek bilen Ymam diňe bir milletiň taryhyny däl, eýsem adam oýanmagynyň ýoluny hem üýtgetdi diýdi.
-
Eýranyň we Täjigistanyň prezidentleri strategiki gatnaşyklary güýçlendirmek we şertnamalary durmuşa geçirmek meselesini nygtadylar
Jun 05, 2025 12:20Eýranyň we Täjigistanyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde strategiki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, soňky şertnamalaryň ýerine ýetirilmegine we umumy bähbitlere we medeni umumylyklara esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ünsi çekdiler.
-
ABŞ BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Gazada atyşygy bes etmek baradaky kararyna weto goýdy
Jun 05, 2025 11:51ABŞ BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Gazada ot açyşlygy bes etmek baradaky kararyna weto goýdy.