-
Brigada generaly Amir Hatami: Angliýanyň Eýrana bergilerini üzmek meselesindäki pozisiýasy amal ýüzünde bolmaly
Mar 23, 2021 08:44Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri, Iňlisleriň Eýrana bergisini üzmek meselesiniň pragmatiki bolmalydygyny aýtdy.
-
NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ GYMMATLYKLARY HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÝÖRELGELERI BILEN SAZLAŞÝAR
Mar 23, 2021 08:22Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary halkara ähmiýetli Nowruz baýramyň şanyna ýörite çäreleri guradylar. 2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assembleýasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan edipdi. Şeýle-de bu baýramçylygyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilmegi aýratyn bellärliklidir.
-
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýylyň şygaryny ýerine ýetirmek ugrunda döwletiň tagalla etjekdigini nygtady
Mar 22, 2021 17:21Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti önümçiligi goldamakda we önümçiligiň päsgelçiliklerini aýyrmakda şeýle-de durnukly iş pursatlaryny döretmekde döwletiň ähli tagallalaryny etjekdigini aýtdy.
-
Ruhani: Döwlet ähli güýji bilen lukmançylyk işgärleriniň tarapyndadyr
Mar 22, 2021 11:56Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, koronawirusa garşy göreşde döwletiň elinden gelenini edendigini we lukmançylyk işgärleriniň ýanynda durjakdygyny aýtdy.
-
Eýranda iň soňky korona statistikasy
Mar 22, 2021 11:10Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtdaky koronawirusdan 80 adamyň ölendigini habar berdi.
-
General Hatami: Eýran halky Şehit Fahrizadeniň gorkak terror edilmeginden ar alar.
Mar 22, 2021 10:43Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri, Eýran halkynyň şehit bolan ýadro alymynyň gorkak öldürilmeginden ar aljakdygyny aýtdy.
-
Kazyýet güýjüniň başlygy: Howpsuzlygy üpjün etmekde serhetçiler möhüm rol oýnaýarlar
Mar 22, 2021 09:33Eýran Yslam Respublikasynyň kazyýet ulgamynyň başlygy howpsuzlygy üpjün etmekde serhetçiler möhüm rol oýnaýarlar diýip nygtady.
-
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Amerikalylar biziň bilen iş salyşmakda ýalňyşdylar we sebitdäki ähli meselelerde ýalňyşýarlar
Mar 21, 2021 19:25Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bütin ugurlarda, şol sanda ýadro ylalaşygy meselesinde-de Amerikalylara ynamyň ýokdugyny aýdyp Amerikalylar biziň bilen iş salyşmakda we sebitdäki ähli meselelerde ýalňyşýarlar diýdiler.
-
TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY HORMATLAÝAR WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNA YMTYLÝAR
Mar 21, 2021 18:532021-nji ýylyň 20-nji martynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ählihalk bag ekmek dabarasy giň gerimde geçirildi.
-
Galibaf: Önümçiligiň ösmegine kanuny päsgelçilikleri aýyrmak mejlisiň agzalarynyň ilkinji meselesi
Mar 20, 2021 16:18Eýranyň mejlis başlygy Muhammet bager galibaf 1400-nji ýylyň we nowruzyň başlangyjy mynasybetli eden çykyşynda Yslam şura mejlisiniň agzalary geljek ýylda ýurtda önümçiligiň gülläp ösmegine kanuny päsgelçilikleri aýyrmak üçin ähli tagallalary ederler diýdi.