Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2021-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda geçen 2020-nji ýylda amala aşyrylan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle-de şu ýyl üçin geçiriljek işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Mejlisiň dowamynda ara alnyp maşlahatlaşylan esasy meseleleriň biri bolsa Türkmenistanda geçiriljek Altynjy Hazar Sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly işler boldy. Çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow, Türkmenistanyň Hazar meseleleriniň oýlanşykly çözgüdiniň işlenilip düzülmeginde işjeň orny eýeleýändigini nygtady. Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň ösdürilmeginde Türkmenistanyň ähmiýetli orun eýeländigi we bu hereketleriň ekologiki aýratynlyklarynyň nazarda tutulmagynda hazarýaka döwletleriniň ählisi bilen hyzmatdaşlykda halkara hukugynyň çäklerinde dowam edilýändigi bellenilip geçildi.
Şeýle-de mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Hazar boýunça hazarýaka ýurtlary we sebitleýin guramalar bilen hyzmatdaşlykda alyp barýan işleri bilen bagly birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu hyzmatdaşlygyň ulag-üstaşyr arabaglanyşygy we ykdysady integrasiýany ösdürmek nukdaý nazaryndan ähmiýeti nygtaldy.