Aşgabatda halkara parahatçylyk we ynam dabarasy geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i10064-aşgabatda_halkara_parahatçylyk_we_ynam_dabarasy_geçirildi
Bütindünýä Parahatçylyk we Ynam ýylynyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda wideo konferensiýa görnüşinde geçirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 31, 2021 18:50 Asia/Ashgabat
  • Aşgabatda halkara parahatçylyk we ynam dabarasy geçirildi

Bütindünýä Parahatçylyk we Ynam ýylynyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda wideo konferensiýa görnüşinde geçirildi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Aşgabatda Bütindünýä parahatçylyk we ynam ýylynyň açylyş dabarasynda, türkmen resmileri we ýurtda ýerleşýän halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

bu dabarada BMG-nyň utgaşdyryjysy we UNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin WiegandTürkmenistanyň prezidentiniň başlangyjy bilen halkyň arasynda parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi goramak maksady bilen başlanan Bütindünýä Parahatçylyk we Ynam ýylynyň ähmiýetini belläp, munuň durnukly ösüşiň açarydygyny aýtdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-nyň 73-nji mejlisinde yglan edilen kararyň Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny görkezýän "Halkara Parahatçylyk we Howpsuzlyk ýyly" diýlip atlandyrylandygyny aýtdy.

Türkmeniň Daşary işler ministri ýurtlar bilen halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde özara düşünişmek we hyzmatdaşlyga esaslanýan diplomatiýa mehanizmini, syýasy gepleşikleri ulanmagyň möhümdigini aýtdy.