Türkmenistan bilen Omanyň daşary işler ministrleri duşuşdylar
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i10116-türkmenistan_bilen_omanyň_daşary_işler_ministrleri_duşuşdylar
Türkmenistanyň we Omanyň daşary işler ministrleri wideo konferensiýada iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 04, 2021 12:39 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Omanyň daşary işler ministrleri duşuşdylar

Türkmenistanyň we Omanyň daşary işler ministrleri wideo konferensiýada iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň Daşary işler ministri Reşid Meredow we Omaniniň Daşary işler ministri Seýed Badr bin Hamad bin Hammud Al-Busaidi nebit-gaz, himiýa we dokma senagaty we oba hojalygynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin bilelikdäki hökümetara komissiýa döretmek barada ylalaşdylar.

Türkmenistanyň we Omanyň daşary işler ministrleri iki ýurduň demirgazyk-günorta we gündogar-günbatarda halkara transport we tranzit koridorlary taýdan özboluşly geografiki pozisiýasynyň bardygyny bellemek bilen "Özbegistan, Türkmenistan, Eýran we Oman" halkara tranzit koridory munuň aýdyň mysalydyr diýip beýan etdiler.

Türkmenistanyň we Omanyň resmileri şeýle-de bilim we medeni taýdan gatnaşyklaryň giňelmegiň we saglyk we lukmançylyk pudagynda tejribe alyşmagyň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.