Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek
Gazagystanyň Daşary işler ministrligi iki ýurduň daşary işler ministrleri derejesinde bu ýurt bilen Türkmenistanyň diplomatik guramalarynyň maslahat geňeşiniň geçiriljekdigini habar berdi.
Duşenbe şäherindäki Fars habar gullugynyň habaryna görä, bu ýygnak kovid-19 epidemiýasy sebäpli wirtual şekilinde geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda iki tarap söwda, ykdysadyýet, tranzit we transport, medeniýet we gumanitar ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşykda möhüm geljek wakalar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Gazagystanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleri Muhtar Telebordi we Raşid Meredow şeýle-de sebitiň we halkara guramalarynyň çäginde iki ýurduň özara gatnaşygy barada pikir alyşdylar we Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylarynyň ýygnaklarynyň maslahat beriş görnüşinde gepleşikleriň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar Gazagystanyň we Türkmenistanyň diplomatik guramalarynyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar aralygynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler.