2021-nji ýylda Türkmenistan EKO-nyň täze başlygy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i10546-2021_nji_ýylda_türkmenistan_eko_nyň_täze_başlygy
Türkmeniň Daşary işler ministri 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) başlygynyň bu ýurda geçirilendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 04, 2021 17:47 Asia/Ashgabat
  • 2021-nji ýylda Türkmenistan EKO-nyň täze başlygy

Türkmeniň Daşary işler ministri 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) başlygynyň bu ýurda geçirilendigini habar berdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bu ýurduň hökümet ýygnagynda beren gürrüňlerine EKO agza ýurtlaryň maýa goýum pudagyndaky işi, erkin ykdysady we söwda zolaklaryny döretmek, ulag, energiýa we logistika ýaly meseleler boýunça bir Taslamanyň taýýarlanandygyny aýtdy.

Taslamada, Owganystanyň sosial-ykdysady ýagdaýyny giňeltmek üçin gurama ýolbaşçylyk eden döwründe Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary jemlenýär.

Guramanyň (EKO) prezidentlik döwründe bu ýurduň beýleki wezipelerinde Özara medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy goldamak we giňeltmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin oba hojalygy we senagat pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, koronawirusa garşy göreşmeklige gönükdirilen ylmy gözlegleri giňeltmek hem göz öňünde tutulýar.