Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitinde çykyş etdi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i10550-gurbanguly_berdimuhamedow_ykdysady_hyzmatdaşlyk_guramasynyň_14_nji_sammitinde_çykyş_etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitinde çykyş edip, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde YHG-niň özboluşly geoykdysady ähmiýetini belledi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 05, 2021 18:25 Asia/Ashgabat
  • Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitinde çykyş etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitinde çykyş edip, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde YHG-niň özboluşly geoykdysady ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany geografiki, taryhy, umumy däp-dessur we gymmatlyklar taýdan arabaglanyşygy bolan YHG gatnaşyjy döwletleriniň ykdysady hyzmatdaşlygynyň özenini nygtady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz YHG-niň çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulaglarda we kommunikasiýalarda, medeniýet hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň toplumlaýyn mümkinçiligini giňeltmäge ýardam bermäge strategik wezipe hökmünde garaýarys” diýip belledi.

Türkmenistana bildiren ýokary ynam üçin YHG-niň agza döwletlerine minnetdarlygyny bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň YHG-da başlyklygyny jogapkärli hem belent wezipe hökmünde kabul edýändigini hem-de bilelikdäki wezipelere üstünlikli ýetmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.