Türkmenistanda internediň ulanylyş görkezijileri artdy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i10756-türkmenistanda_internediň_ulanylyş_görkezijileri_artdy
2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlary boýunça uly sepgitlere ýetildi
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 17, 2021 17:48 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanda internediň ulanylyş görkezijileri artdy

2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlary boýunça uly sepgitlere ýetildi

Milli aragatnaşyk hemrasy "TürkmenÄlem 52" älem giňişligine uçurylanyndan soň, 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlary boýunça uly sepgitlere ýetildi

Dünýä derejesinde internediň ulanylyş görkezijilerine paralel ýagdaýda Türkimenistanda hem internediň birikdirilme görkezijileri geçen ýyldan bäri 133 göterim artdy. Internet bilen bagly hyzmatlaryň we sanly neşiriň geriminiň giňeldilmegi we hiliniň ýokarlandyrylmagy bilen bagly işler çaltlandyryldy. 

Milli aragatnaşyk hemrasy "TürkmenÄlem 52" älem giňişligine uçurylanyndan soň, 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlary boýunça uly sepgitlere ýetildi.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow, ýurdyň raýatlaryna berilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň geriminiň giňeldilmegi, ýerli programma üpjünçilikleriniň ösdürilmegi we ylmy tehnologiýa boýunça ilatyň ýaş böleginiň ýetişdirilmegi barada buýruk berdi. Ondan soň Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrigi, aragatnaşyk we internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy bilen bagly işlerini çaltlandyrdy.

Ýurtda ykjam telefonlardaky internet hyzmatlary ýaýbaňlandyryldy. Obalyk ýerlerinde, şäherçelerde we obalarda halkyň internet elýeterliligi ýokarlandyryldy. Ýurtda ADSL ulgamy bilen çäklendirilmedik internet hyzmaty berilýär. Geçirilen ylmy-barlaglara görä ýurdyň ilatynyň 98 göterimi internet ulanýar.

Ilat üçin ýola goýulan internet hyzmatlarynyň ulanylyş şertleriniň gowulaşdyrylmagy maksady bilen internet hyzmatlarynyň nyrhlary arzanladyldy we öýlerdäki internet ulanylyş nyrhnamalary 40 göterim, kärhanalarda we bilim edaralarynda ulanylyş nyrhnamalary bolsa 50 göterim arzanladyldy. Mundan başgada Aşgabatda köpçülikleýin ýerlerde wi-fi hyzmaty berilýän zolaklar köpeldildi.

Ýurtda sanly telewideniýe we radio ýaýlym torlary hem ýaýbaňlandyrylýar. Şol çäkde geçen ýyl türk, rus, iňlis we özbek dillerinde onlarça telewideniýe kanaly bolan emeli hemra platformasy işläp başlady.