Hytaýa gaz eksportynda Türkmenistan birinji ýerde durýar
(last modified Thu, 25 Mar 2021 12:22:27 GMT )
Mar 25, 2021 17:22 Asia/Ashgabat
  • Hytaýa gaz eksportynda Türkmenistan birinji ýerde durýar

Türkmenistan 2021-nji ýylyň başyndan bäri Hytaýyň energiýa bazaryna iň köp gaz iberiji bolup durýar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Hytaý 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda 4,685 milliard kub metr gaz import edipdir, mundan Türkmenistanyň eksport paýy bolsa 2,786 milliard kub metrdir.

Russiýa, Hytaýa gaz eksporty boýunça 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystandan öňe geçip, Türkmenistandan soň ikinji ýerde durýar.

Soňra uly aralyk bilen Mýanmar 357 million kub metr, Gazagystan 319 million kub metr we Özbegistan 307 million kub metr Hytaýa gaz eksport edendirler.

Demirgazyk-Gündogar Aziýa sebitinde dekabr-ýanwar aýlarynda güýçli sowuk boldy, bu bolsa energiýanyň bahasyny ýokarlandyrdy we dünýäde gazyň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.