TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPON KOMPANIÝALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYGY
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i10892-tÜrkmenistanyŇ_daŞary_iŞler_ministriniŇ_Ýapon_kompaniÝalarynyŇ_ÝolbaŞÇylary_bilen_duŞuŞygy
2021-nji ýylyň 25-nji martynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň ýapon tarapyndan Başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 27, 2021 15:23 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPON KOMPANIÝALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 25-nji martynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň ýapon tarapyndan Başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow hem-de «Sumitomo Corporation» ýapon kompaniýasynyň direktory Gota Iwanami hem gatnaşdylar.   

Gepleşikleriň barşynda, hususan-da Ýaponiýada öndürilen ýer gazýan hem-de awtomobil tehnikasynyň Türkmenistana getirilmegi bilen bagly degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki taslamalaryň netijelerine, şol sanda Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň 14-nji mejlisini geçirmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky ynanyşmak hem-de özara gyzyklanmalaryň nazarda tutulmagyna esaslanýan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligini belläp geçdiler.