Türkmenistanyň Daşary işler ministri Orsýete sapar edýär
Türkmenleriň Daşary işler ministri ertir garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň (GDA) daşary işler ministrleriniň ýygnagyna gatnaşmak üçin Orsýete sapar edýär.
Türkmeniň Daşary işler ministri Raşid Meredow Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň ýygnagyna (30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda) gatnaşmakdan başga-da, rus kärdeşi bilen Moskwadaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komissiýa gatnaşar.
Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy öňki Sowet Soýuzy dargansoň döredildi.Bileleşigiň esaslandyryjy jarnamasyna 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Almatyda Azerbaýjan Respublikasy, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Orsýet, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we Ukraina liderleri gol çekdiler.
Gürjüstanyň bileleşige agza bolmagy 1993-nji ýylyň 3-nji dekabrynda agza döwletleriň prezidentleriniň we 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Gürjüstanyň prezidenti Eduard Şewardnadzeniň haýyşy boýunça resmi kararyndan soň boldy.
Arkalaşygyň býudjetiniň 70 göteriminden gowragy Orsýet tarapyndan tölenýär.