Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i11000-türkmenistan_gda_nyň_çäklerinde_ynsanperwer_hyzmatdaşlygy_ösdürmek_ugrunda_çykyş_edýär
2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde gatnaşyjylar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk ugurda hyzmatdaşlyk şolaryň arasynda esasylarynyň biri hökmünde maslahatlaşyldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 02, 2021 18:25 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär

2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde gatnaşyjylar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk ugurda hyzmatdaşlyk şolaryň arasynda esasylarynyň biri hökmünde maslahatlaşyldy.

Mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etmek bilen, GDA-nyň çäklerinde döredilen netijeli gurallary pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Türkmen tarapynyň anyk syýasy-hukuk kadalar we halkara hukugynyň ýörelgeleri esasynda umumy çemeleşmeleri döretmek ugrunda çykyş edýändigi bellenildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy umumy taryhy-medeni mirasy saklamak, ylmy gatnaşyklary giňeltmek we saglygy goraýyş ulgamynda tagallalary birleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda türkmen tarapynyň gyzyklanmasyny beýan etdi.