Türkmen- Gazak resmileriniň arasyndaky geňeşmeleriň esasynda؛ konsullyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i11312-türkmen_gazak_resmileriniň_arasyndaky_geňeşmeleriň_esasynda_konsullyk_hyzmatdaşlygyny_ösdürmek
Gazagystanyň we Türkmenistanyň resmileri konsullyk hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada pikir alyşdylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 24, 2021 15:23 Asia/Ashgabat
  • Türkmen- Gazak resmileriniň arasyndaky geňeşmeleriň esasynda؛ konsullyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek

Gazagystanyň we Türkmenistanyň resmileri konsullyk hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada pikir alyşdylar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň konsullyk gullugynyň müdiri Baurjan Akataýew we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň konsullyk müdiri Annamyrat Altyýew iki ýurduň serhedinden geçmek barada wideo konferensiýa arkaly çykyş etdiler.

Bu ýygnakda taraplar iki ýurduň raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda iki tarap Gazagystanyň we Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan serhetden geçmegiň şertleri, wiza bermek we göçürmek meselesi barada jikme-jiklikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem umumy konsullyk salgyt ulgamyny döretmek teklip edildi.

Gepleşikleriň ahyrynda iki tarap konsullyk gatnaşyklarynyň giň toplumynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.