Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon gepleşigini geçirdi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i11444-raşid_meredow_gyrgyz_respublikasynyň_daşary_işler_ministri_bilen_telefon_gepleşigini_geçirdi
Şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon gepleşigini geçirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 04, 2021 17:40 Asia/Ashgabat
  • Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon gepleşigini geçirdi

Şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon gepleşigini geçirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.  

Ministrler Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.

Taraplar şeýle-de hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary derejesindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler.