Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleri Gyrgyzystanyň soňky serhet ýagdaýyny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň Daşary işler ministri Raşid Meredow ilki başdan Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Ruslan Gazagybaýewe we Gyrgyzystan-Täjigistan serhedindäki ýaragly çaknyşykda ölen gyrgyz raýatlarynyň maşgalalaryna we garyndaşlaryna gynanç bildirdi.
Gazakbaýew hem, türkmen kärdeşine beren ünsi we duýgudaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi we serhet çaknyşygy we Gyrgyzystanyň Batkand sebitindäki häzirki ýagdaý barada maglumat berdi.
Gazakbaýew bilen Meredow şeýle-de iki tarapdan köp adamyň ölmegine we ýaraly bolmagyna baryp çatan çaknaşygyň diňe syýasy we diplomatik gepleşikler arkaly çözülmelidigini aýtdylar.
Meredowyň sözlerine görä, Gyrgyzystanyň ygtybarly strategiki hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistan serhetýaka sebitdäki ýagdaýa ýakyndan gözegçilik edýär we Gyrgyzystanyň bu wakany çözmek boýunça edýän tagallalaryny makullaýar.
Iki daşary işler ministri Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi barada-da hem pikir alyşdylar.