Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i11508-malaýziýanyň_türkmenistandaky_adatdan_daşary_we_doly_ygtyýarly_ilçisi_bilen_duşuşyk
2021-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurtda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rozli bin Abdul bilen duşuşdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 08, 2021 19:23 Asia/Ashgabat
  • Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk

2021-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurtda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rozli bin Abdul bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmen tarapy türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin Ilçi Rozli bin Abdula minnetdarlyk bildirdi, şeýle-de oňa jan saglyk, abadançylyk we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Öz gezeginde, malaý diplomaty işjeň hyzmatdaşlygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.