Türkmenistanyň Orsýet bilen ykdysady hyzmatdaşlygy üçin täze maksatnamasy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i11710-türkmenistanyň_orsýet_bilen_ykdysady_hyzmatdaşlygy_üçin_täze_maksatnamasy
Türkmenistan döwletiniň kararyna görä, bu ýurt resmi taýdan Orsýetiň döwleti bilen ykdysady ugurda özara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi isleýär.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 23, 2021 12:52 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Orsýet bilen ykdysady hyzmatdaşlygy üçin täze maksatnamasy

Türkmenistan döwletiniň kararyna görä, bu ýurt resmi taýdan Orsýetiň döwleti bilen ykdysady ugurda özara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi isleýär.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, karara görä, Türkmenistan Orsýet bilen 2021-2023-nji ýyllar aralygynda täze ykdysady hyzmatdaşlyk meýilnamasyny taýýarlaýar.

Hasabatda türkmenleriň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ministrler kabinetiniň mejlisinde Wise-premýer we ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy Sardar Berdymuhamedow öz hasabatynda Orsýet bilen Türkmen döwletleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň ep-esli ýokarlanandygyny belläp, senagat, energetika, agrosenagat toplumy, maliýe pudaklaryndaky we yokary tehnologiýalar hyzmatdaşlyga degişli resminamalary berip hyzmatdaşlykda ileri tutulýan meseleleri mälim etdi.

Hasabatyň ahyrynda Türkmenistanyň prezidenti bu ýurduň we Orsýetiň iki ýurduň halkynyň bähbitlerine hyzmat edýän ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin köp mümkinçilikleriň bardygyny belläp, programanyň taslamasyny tassyklady.