Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejliside barlanan meseleler
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i12216-türkmenistanyň_ministrler_kabinetiniň_mejliside_barlanan_meseleler
Anna güni (25.06.2021 ) Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 27, 2021 10:21 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejliside barlanan meseleler

Anna güni (25.06.2021 ) Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisde Türkmen döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi.Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Häzirki wagtda Türkmenistanyň haryt öndürijilerini goldamak hem-de kiçi we orta telekeçilik taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, ugurdaş, abraýly düzümlerden bähbitli şertlerde karz serişdelerini çekmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler perezidentiň garamagyna hödürlenildi. Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň dürli döwletleri hem-de dürli ulgamlarda uly tejribä hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri, abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýandygyny belledi.

Ýurduň ykdysady we söwda hyzmatdaşlary  bilen gatnaşyklarymyzyň gerimi yzygiderli giňeýär, gatnaşyklar täze depgine eýe bolýar, dürli derejelerde aragatnaşyklar işjeňleşýär diýip, prezident sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, geljegi nazarda tutup, gatnaşyklaryň anyk ugurlaryna uly üns berilmelidir, ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmak we ony has doly durmuşa geçirmek boýunça oýlanyşykly çäreler görülmelidir diýip, döwlet Baştutany  nygtady.  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklibi degişli düzümler bilen bilelikde öwrenmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.  Berdimuhamedow hususy ulgamyň işini kämilleşdirmegiň önümçiligi döwrebaplaşdyrmagy hem-de depginli ösdürmegi, kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň täzeçil işlemegini, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagyny hem-de eksport ugurly köptaraply önümçilikleriň döredilmegini nazarlaýandygyny belledi. Soňky ýyllarda hususy kärhanalar özleri üçin bazaryň täze ugurlaryny, şol sanda daşary ýurtlarda täze ugurlary ynamly özleşdirýärler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany  türkmen telekeçileriniň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, wise-premýere bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň gözlegine gönükdirilen işleri geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzir “gara altyny” çykarmak işleri, esasan, günbatar Türkmenistanyň Hazarýaka zolagynda alnyp barylýar. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli nebit gözleg-barlag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin halkara bäsleşik geçirildi. Onuň netijeleri boýunça ýeňiji saýlanyp alyndy.  Prezident  Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny hem-de gaýtadan işlenilişini artdyrmagyň, ýurtda we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmagyň hem-de görnüşlerini giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, prezident täze, geljegi uly ýataklary gözläp tapmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmagyň möhüm wezipedigini aýtdy.

Döwlet Baştutany  ýurduň ähli sebitlerinde, şol sanda Hazarýaka zolakda geologiýa-gözleg, geofizika barlaglaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu barlaglaryň täze sanly tehnologiýalary, döwrebap enjamlary hem-de programma üpjünçiligini ulanmak arkaly ýerine ýetirilmeginiň zerurdygy nygtaldy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurtda daşky gurşawy gorap saklamak we döwlet ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.   Prezident  Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» kararyň taslamasy hödürlenildi. Bu resminamanyň ýurdumyzyň milli we tebigy howa aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, tokaý gaznasyny döwlet tarapyndan hasaba almak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak hem-de Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygy bellenildi. Prezident  Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinda ýene bir näçe meseeläni barlap , oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, Ýurduň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.