Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň resmileri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada gürrüň etdiler
(last modified Mon, 05 Jul 2021 08:38:18 GMT )
Jul 05, 2021 13:38 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň resmileri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada gürrüň etdiler

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi we bilelikdäki şertnamalary durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredow Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen söhbetdeşlikde iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda işjeň işleşmäge, degişli ministrlikler we edaralar bilen aragatnaşyk saklamagagy isledi.

Sebitleýin we halkara çarçuwalaryň bähbitlerine işjeň gatnaşmak taraplar tarapyndan ylalaşylan başga bir mesele boldy.

Şunuň bilen baglylykda iki ýurduň daşary işler ministrleri şu ýyl geçiriljek Türkmenistan, Azerbaýjan respublikasy we Türkiýe liderleriniň üç taraplaýyn sammitini hem ara alyp maslahatlaşdylar.