Jabbarowyň türkmen kärdeşini Bişkek şäherine resmi çakylygy
Gyrgyzystanyň prezidenti türkmen kärdeşini Bişkek şäherine çagyrmak üçin hat iberdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadir Jabbarow Gurbanguly Berdymuhamedowa ýazan hatynda Bişkek-Aşgabat gatnaşyklarynyň geljegini konstruktiw we ösüşe bakan diýip häsiýetlendirdi.
Jabbarow sözüniň dowamynda, Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlykly gatnaşyklaryň we strategiki hyzmatdaşlygyň söwda we ykdysadyýet, bilim, medeniýet we sport ugurlary boýunça iki ýurda we dost halklaryna peýda getirmek maksady bilen dowam etjekdigine ynanýaryn diýdi.
Ondan öň iki ýurduň işgärleri dürli önümler bilen üpjün etmek üçin 20 şertnama baglaşdylar.
Bu önümlere saglyk önümleri, ýeňil senagat we nebithimiýa önümleri, konditer önümleri we gök önümleri girýär.