Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i12704-gyrgyzystanyň_we_türkmenistanyň_daşary_işler_ministrleri_telefon_arkaly_söhbetdeşlik_geçirdi
Merkezi Aziýanyň prezidentleriniň ýakyn wagtda boljak duşuşygy Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginde ara alnyp maslahatlaşyldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 30, 2021 14:32 Asia/Ashgabat
  • Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Merkezi Aziýanyň prezidentleriniň ýakyn wagtda boljak duşuşygy Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Ruslan Gazakbaýew we Türkmeniň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa liderleriniň ýetip gelýän sammiti ýokary derejede geçiriler we sebit hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge itergi bolar diýip nygtadylar.

Iki ýurduň daşary işler ministrleri Merkezi Aziýa sammitiniň çäginde meýilleşdirilen birnäçe möhüm çäräniň guralyşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Merkezi Aziýanyň prezidentleriniň sammiti 5-6-njy awgustda Türkmenistanda geçirilýär.