Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň ulag boýunça Kararnamasy kabul edildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sanly ulgam arkaly BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habary ýetirdi.
Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi.
Wise-premýer bu Kararnamanyň esasy wezipeleriniň dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda, häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny güýçlendirmekden hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmekden ybaratdygyny belledi.
Wise-premýer, daşary işler ministri bu şanly waka bilen milli Liderini mähirli gutlap, oňa halkyňhem-de Watanyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu şatlykly habary kanagatlanma bilen kabul edip, ilkinji nobatda, ähli watandaşlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu halkara resminamanyň kabul edilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Çünki bu waka Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň ýokary netijeliliginiň nobatdaky subutnamasydyr diýip,Türkmen döwlet Baştutany belledi.
BMG-niň agza döwletleriniň 193-si tarapyndan biragyzdan kabul edilen hem-de 48 ýurduň döredijileri bolup çykyş eden bu Kararnama türkmen tarapyndan Baş Assambleýanyň 75-nji sessiýasynda öňe sürlen başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Häzirki wagtda olary durmuşa geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Şolaryň netijesinde 75-nji sessiýada möhüm halkara resminamalar kabul edildi hem-de anyk netijeler gazanyldy.
Ýagny 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şol ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Bitaraplygyň dostlary topary döredildi.
Türkmen Milli Lideri sözüni dowam edip, 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň, 29-njy iýulda bolsa ýokarda agzalan halkara ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilendigini belledi. Bu resminama ulag ulgamynda köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ählumumy we sebit derejesinde berkitmek, bu ugurda derwaýys meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmak hem-de halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek babatda örän möhüm orun eýeleýär.