Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
Türkmenistanda, Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum “Awaza” Kongresler merkezinde geçirildi.Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen ozalky mejlisler syýasy özara hereketleriň şu görnüşiniň esaslydygyny, peýdalydygyny hem-de ýokary netijelidigini ynamly görkezdi. Ol birek-biregiň eýerýän ýörelgesini bilmäge we oňat düşünmäge mümkinçilik berýär, sebitdäki hyzmatdaşlygyň barşy we ugurlary barada bitewi garaýşyň kemala gelmegine ýardam edýär, Merkezi Aziýada bolup geçýän ýagdaýlara öz wagtynda hem-de çeýe täsir etmäge mümkinçilik döredýär, hyzmatdaşlaryň bähbidini nazarda tutup, milli ileri tutulýan ugurlary ýola goýmaga kömek edýär.
Biz şu günki duşuşygyň sebitde bilelikde hereket edilmegini has-da pugtalandyrmaga gönükdiriljekdigine, bu ugurda has işjeň we anyk ädimler üçin şertleri üpjün etjekdigine, yklym we dünýä derejesindäki işlere Merkezi Aziýa sebitiniň netijeli we oňyn gatnaşmagynyň kuwwatly ýagdaýyna öwrüljekdigine garaşýarys diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Bu gün Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Türkmenistan hem-de Özbegistan Respublikasy dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ykdysady ösüşiň durnukly görkezijilerini gazanyp, binýatlyk durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirýärler. Biziň ýurtlarymyzyň jogapkärli, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty olara halkara giňişlikde mynasyp abraý getirdi.
Biz öz gatnaşyklarymyzda hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-birege hormat goýmagyň, doganlygyň taryhy köklerine hem-de halklarymyzyň medeni — siwilizasiýa ýakynlygyna daýanýarys diýip, milli Liderimiz nygtady. Bu mäkäm binýat bize geljege ynamly garamaga, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň gerimli, uzak möhletleýin we durmuşa ukyply meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň, däp bolşy ýaly, hoşniýetli we netijeli ýagdaýda geçjekdigine ynam bildirip, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygyny açyk diýip yglan etdi.
Soňra milli Liderimiz foruma gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, döwletleriň Baştutanlaryny we sebitiň ýurtlarynyň wekiliýetleriniň agzalaryny Türkmenistanda ýene-de bir gezek mübärekledi hem-de şu duşuşyga gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün biz Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň nobatdaky mejlisini geçirýäris diýip, sözüni dowam etdi. Munuň özi şeýle görnüşdäki duşuşygyň örän wajypdygyny, bäş döwletiň ählisiniň Liderleriniň goldawyndan peýdalanýandygyny görkezip, bize Merkezi Aziýa sebitini ösdürmek baradaky esasy meseleleri ynanyşmak we işewür ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredýändigini görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryny geçirmek pikirini ara alyp maslahatlaşyp, biz ýokary döwlet derejesindäki syýasy gepleşikleriň bu görnüşiniň Merkezi Aziýada döredijilikli işleri kemala getirmek üçin hemişelik hereket edýän meýdança öwrüljekdiginden ugur aldyk. Gürrüň biziň sebitimiziň durmuşynyň has möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak we kabul etmek barada barýar diýip, Berdimuhamedow aýtdy.
Bu bolsa sebitiň durnuklylygyny we yzygiderli ösüşini, bu ýerde ýaşaýan halklaryň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etmek maksady bilen, bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de beýleki ulgamlaryna degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň martynda Nur-Sultan şäherinde we 2019-njy ýylyň noýabrynda Daşkentde geçirilen konsultatiw duşuşyklaryň netijeleriniň sebitiň döwletleriniň sazlaşykly we netijeli işleriniň oňyn mysaly bolandygyny belledi. Bu forumlaryň netijeleri häzir Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmekde, biziň halklarymyzyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde öz beýanyny tapýar.