Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Ýaragly Güýçleriniň täze binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i12912-türkmenistanyň_prezidenti_ýurduň_Ýaragly_güýçleriniň_täze_binalarynyň_açylyş_dabaralaryna_gatnaşdy
11-nji awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 12, 2021 16:36 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Ýaragly Güýçleriniň täze binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

11-nji awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, ýurduň Milli goşunynyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri Türkmen döwlet Baştutanynyň hemişe üns merkezinde durýar.

Irden Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow wakalaryň geçýän ýerine geldi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Harby-Deňiz Güýçleriniň harby bölüminiň täze desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty kabul edip, Watan goragçylaryny bu şanly waka bilen gutlady. Soňra ol Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň dolandyryş binasynyň esasy girelgesine tarap ugrady.

Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň hem-de bu ýerde döredilen şertleriň ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.

Baş binada dolandyryş bölümi, şeýle hem nobatçylyk alyp barýan harby deňizçiler üçin iş otagy ýerleşýär. Hemme bölümlere Harby-Deňiz Güýçleriniň hünärmen-serkerdeleri tarapyndan taýýarlanylan ýörite programma üpjünçiligi ornaşdyryldy.

Täze tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň, elektron kartanyň kömegi bilen Hazar deňzindäki ýolagçy we harby gämileriň hereketlerini yzarlamak mümkin. Munuň özi deňziň kenarýaka bölegine gözegçilik etmek üçin niýetlenen radiolokasiýa enjamlaryň we HDG-niň söweşjeň gämilerinde bar bolan tehniki toplumlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Şeýle hem sanly enjamyň, hemra aragatnaşygynyň kömegi bilen gämileriň deňizde ýerleşýän ýerleri, olaryň ýangyç we suw üpjünçiligi kesgitlenilýär. Bu bolsa dolandyryş nokadyndan harby gämiler bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär.

Dolandyryş bölüminde alnan maglumatlar toplanylýar we işlenilýär, bu ýerde oturdylan enjamlar işleri ýeňilleşdirýär hem-de maglumatlary bellenen ýerleri boýunça ibermäge şert döredýär.

Toplumyň çäginde bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy. Bu ýerde dürli gülleriň hem-de saýaly baglaryň ekilmegi ekologiýa abadançylygyny saklamaga ýardam edýär.