Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk
Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Şanly senä — Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahaty Türkmen Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty bilelikde guradylar. Hazar deňziniň güni Hazarýaka döwletlerinde hem her ýyl bellenilýär.
Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, şeýle-de ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, iri halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa meseleleri boýunça merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) hem-de beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň gün tertibine kenarýaka ýurtlaryň Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek işinde hyzmatdaşlygyna degişli möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi. Çykyşlarda bu ulgamda sebitiň döwletlerinde alnyp barylýan köptaraplaýyn işler giňişleýin beýan edildi.
Daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň biridir. Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, bu hyzmatdaşlygyň yzygiderli, toplumlaýyn, şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglylykda oňyn häsiýete eýe bolmagy ugrunda tagalla edýär. Türkmen Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki iri forumlaryň belent münberinden öňe süren döredijilikli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu gün Hazar sebiti uglewodorod serişdeleriniň gazylyp çykarylýan hem-de iberilýän iri dünýä merkezleriniň biri hökmünde okgunly ösüşe eýe bolýar. Şunuň ýaly şertlerde Türkmenistan umumy wezipäniň — örän baý köpdürli ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolan tebigatyň täsin gudraty bolup durýan bu deňziň bioköpdürlüligini gorap saklamagyň zerurlygy bilen ykdysady bähbitleri utgaşdyrmak meselesiniň oňyn çözülmegini, ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna ýol bermezligi möhüm hasaplaýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2019-njy ýylyň awgust aýynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda Hazar sebitinde ähli taslamalaryň ýokary halkara ekologiýa ölçegleri esasynda amala aşyrylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutany Hazar deňziniň baý tebigy serişdelerini aýawly saklamaga hem-de rejeli ulanmaga gönükdirilen tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýasy maksatnamasynyň döredilmegi baradaky pikirini aýdyp, bu maksatnamanyň Hazarda ekologiýa ýagdaýynyň monitoringi wezipesini amala aşyryp hem-de kenarýaka ýurtlarynyň hökümetlerine degişli maslahatlary taýýarlap biljekdigini belledi.
“Biz ekologiýanyň ykdysady we täjirçilik bähbitlerine bakna bolup bilmejekdigine berk ynanýarys” diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar üçin “ýaşyl diplomatiýanyň” netijeli gurallarynyň ýola goýulmagyny teklip edip, bu işe döwletleriň, halkara agentlikleriniň, ekologiýa merkezleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çekilmegi ugrunda pikirini beýan etdi.
Türkmenistan Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmekde möhüm orny eýeleýär hem-de bu işler Hazarýaka döwletleri bilen bilelikde, ekologiýa talaplaryny nazara almak bilen, halkara hukugyň çäklerinde dowam etdirilýär.