Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Amir Abdullahyana gutlag haty
Sep 01, 2021 17:09 Asia/Ashgabat
Eýranyň Daşary işler ministrine iberen hatynda Türkmeniň Daşary işler ministri ony ynam sesini almagy we işe girişmegi bilen gutlady.
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullaýana iberen hatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredow Yslam şura mejlisinden ynam sesini almagy we işe girişmegi bilen gutlady.
Türkmeniň Daşary işler ministri bu ýüzlenmesinde: "Iki ýurduň bähbidine Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen ýakyn hyzmatdaşlygymyzy dowam etdireris" -diýdi.
Reşit Meredow Amir Abdullahýanyň diplomatik missiýalarynda mydama üstünlik gazanmagyny umyt etdi.
Tags