Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşligi geçirdiler
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i13804-türkmenistan_bilen_russiýa_federasiýasynyň_prezidentleri_telefon_arkaly_söhbetdeşligi_geçirdiler
2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 08, 2021 13:53 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşligi geçirdiler

2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk we uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanlary däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary geljekde hem ählitaraplaýyn ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar dostlugyň gadymdan gelýän däpleriniň, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň esasynda türkmen-russiýa strategiki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ähli ugurlarda giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.