Parnik gazlarynyň zyňyndylary boýunça Türkmenistan üçünji ýerde durýar
“Bloomberg” -iň habaryna görä, ilaty az bolan Türkmenistan, parnik gazlarynyň zyňyndylary boýunça ABŞ we Russiýadan soň üçünji ýerde durýar.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, GHGSat atly Kanadanyň bir kompaniýasynyň geçiren gözleglerine görä, hemra ulanyp parnik gazlarynyň syzmagy netijesinde 2019-njy ýylda dünýäde 50 sany gaz syzmagy barlandy, olaryň 3-si Türkmenistana degişlidir.
Gaz ýatagyndaky syzyşlaryň biri, 5 ýyl bäri dowam edip gelýän Körpeje" gaz ýatagyndaky syzyşlardyr.
Duýduryş türkmen işgärlerine diplomatik kanal arkaly iberildi, ýöne häzirlikçe hiç hili jogap gelip gowuşmady.
"Metan" parnik gazlarynyň häsiýetleri, global ýylylyga ep-esli täsir edýän kömürturşy gazyndan 84 esse güýçlidir.
Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýany kabul etdi, we onda hökümet howanyň ýaramaz täsirini azaltmak üçin çäreleri görjekdigini aýtdy.