Türkmenistan Aral deňzi üçin täze meýilnamany tassyklady
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i14042-türkmenistan_aral_deňzi_üçin_täze_meýilnamany_tassyklady
Türkmenistanyň Aral köli üçin täze milli meýilnamasy bu ýurduň Prezident tarapyndan tassyklandy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 24, 2021 10:36 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan Aral deňzi üçin täze meýilnamany tassyklady

Türkmenistanyň Aral köli üçin täze milli meýilnamasy bu ýurduň Prezident tarapyndan tassyklandy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow tarapyndan gol çekilen 2025-nji ýyla çenli Aral deňzi üçin täze milli meýilnama ýakyn ýyllarda ýüze çykýan kynçylyklary çözmek üçin anyk çäreleri öz içine alýar.

Bu meýilnamanyň esasy maksatlary, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly daşky gurşawy goramak, sebitdäki sosial, ykdysady we daşky gurşaw ýagdaýyny gowulaşdyrmak we ýaramaz täsirleri azaltmak.

Bu resminama, şeýle hem BMG Baş Assambleýasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen Halkara Aral Deňizi Halas ediş Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky kararyna laýyk gelýär.