Türkmenistanyň prezidenti bazara yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i14252-türkmenistanyň_prezidenti_bazara_yzygiderli_gözegçilik_etmegiň_zerurdygyny_aýtdy
Türkmenistanyň prezidenti, bazaryň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmegiň we halk üçin zerur zatlary üpjün etmekde käbir näsazlyklary ýok etmegiň zerurdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 05, 2021 17:51 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň prezidenti bazara yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy

Türkmenistanyň prezidenti, bazaryň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmegiň we halk üçin zerur zatlary üpjün etmekde käbir näsazlyklary ýok etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanda çörek we azyk ýetmezçiliginden soň, prezident Gurbanguly Berdymuhamedow ýurduň azyk bazaryna gözegçilik edilmegini we günäkärleriň jezalandyrylmagyny bilen iş salyşmagy buýurdy.

Berdymuhamedow Gyş ýakynlaşýar we bazarlary we dükanlary dürli harytlar we önümler bilen üpjün etmek, esasanam dynç alyş günlerinde ýakyndan gözegçilik edilmeli we harytlaryň bahalanmagynyň öňüni almalydyr diýdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň prezidenti önümleriň howpsuzlygyny we alyjylara amatly bahadan eltilmegini üpjün etmek üçin täjirçilik we senagat kompaniýalarynyň arasynda netijeli işleşmegi buýurdy.