TÜRKMENISTANYŇ JIÖ-IŇ ÖSÜŞ DEPGINI 6,2 GÖTERIM
2021-NJI ÝYLYŇ 10 AÝYNDA TÜRKMENISTANYŇ JIÖ-IŇ ÖSÜŞ DEPGINI 6,2 GÖTERIME BARABAR BOLDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.2021-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime barabar boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow şu ýylyň 10 aýynyň netijeleri boýunça sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.
2021-nji ýylyň 10 aýynda öndürilen önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artdy.
Şeýle hem, Serdar Berdimuhamedow bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri 14,6 göterim artdandygyny belledi.
Iri we orta kärhanalarda aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 22,7 milliard manada barabar boldy.