Türkmenistanyň Prezidenti “TRT World” Teleýaýlymynyň Sowallaryna Jogap Berdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erimiň sowallaryna jogap berdi
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy köpasyrlyk taryhy, dostluk we doganlyk gatnaşyklary bolan döwletler bolup, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar «Bir millet — iki döwlet» şygary bilen häsiýetlendirilýär. Siz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine nähili baha berýärsiňiz, geljekde edilmeli işler barada pikirleriňiz nämelerden ybarat?
— Sowalyňyz üçin sag boluň! Bu sowala jogap bermezden ozal, Türkiýe Respublikasynyň döwlet teleradiokompaniýasyna hormat goýýandygymy aýtmak bilen, onuň alyp barýan möhüm ähmiýetli işine ýokary baha berýändigimi bellemek isleýärin.
Siziň teleradiokompaniýaňyzyň türki dünýäniň ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda bolup geçýän wakalar, olaryň taryhyny, däp-dessurlaryny, döwrebap ösüşini beýan etmek babatda örän wajyp işleri alyp barýandygyny aýtmak isleýärin.
Indi sowalyňyza jogap bereýin! Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklarymyz barada aýdanymyzda, biz hemişe bu ýurduň doganlyk häsiýetini belleýäris. Hut şu «doganlyk» sözi Garaşsyz döwletler hökmünde biziň gatnaşyklarymyzyň ilkibaşdan we häzirki günlerine çenli syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ulgamda, halkara giňişlikde tutuş ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Geçen asyryň ahyrynda türkmen döwletiniň emele geliş döwründe Türkiýäniň Türkmenistana beren goldawyny biz hiç wagt ýatdan çykarmarys. Türkiýe dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup biziň Garaşsyzlygymyzy ykrar etdi, Aşgabatda özüniň diplomatik wekilhanasyny açdy. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň ähli döwürlerinde Türkiýäniň goldawy aýratyn ähmiýetli boldy. Şol döwür ýola goýlan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň däpleri, biziň gatnaşyklarymyzyň aýratyn häsiýeti ýyllar geçse-de, üýtgemän, has-da berkedi. Biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň gatnaşyklarynyň ösdürilýän berk binýadyna öwrüldi.
Ykdysady ulgamda Türkiýe Türkmenistanyň köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşy bolup, söwda dolanyşygynyň we maýa goýum işjeňliginiň derejesi boýunça ýurdumyzda öňdebaryjylaryň hataryna girýär. Daşary syýasatda, halkara giňişlikde Türkmenistan we Türkiýe parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň howplaryna garşy göreşmek, Durnukly ösüş maksatlaryna eýermek işinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Biziň ynsanperwer ulgamda, ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar babatda gatnaşyklarymyz barha giňelýär.
Türkmenleriň we türkleriň baý taryhy mirasyna daýanyp, biz geljege ynamly garaýarys. Hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meýilnamalaryny düzýäris we olary üstünlikli durmuşa geçirýäris.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň, meniň gadyrly doganym Rejep Taýyp Ärdoganyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşýan şahsy goşandy barada aýratyn bellemek isleýärin. Gürleşenimizde men hemişe onuň Türkmenistana bolan aýratyn garaýşyny, hyzmatdaşlyga bolan üýtgewsiz taýýarlygyny duýýaryn.
Aýrylmaz taryhy arabaglanyşyga, gatnaşyklarymyzyň şu günki maksatlarynyň we mümkinçilikleriniň umumylygyna, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine düşünip, türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljegini biz bile gurýarys. Halklarymyzyň we döwletlerimiziň bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygymyzyň ajaýyp mümkinçiliklerine men berk ynanýaryn.