Türkmen-Hytaý Hyzmatdaşlyk Komitetiniň bäşinji mejlisini geçirildi
Türkmen-Hytaý Hyzmatdaşlyk Komitetiniň bäşinji mejlisine iki ýurduň ýokary wezipeli adamlary gatnaşdy.
“Fars” habarlar gullugynyň habarçysynyň habaryna görä, Türkmenistandan premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Hytaýyň Bilelikdäki komitetiniň başlygy hemde we Kommunistik partiýanyň Merkezi komitetiniň hemişelik komitetiniň agzasy we Döwlet geňeşiniň başlygynyň orunbasary bilen Han Çezeng duşuşdy .Iki tarap syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady we medeni ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdy.
Türkmen-Hytaý Hyzmatdaşlyk Komitetiniň bäşinji ýygnagynda nebit-gaz pudagyndaky şertnamalaryň, esasanam, türkmenleriň tebigy gazynyň Hytaýa eksport edilmegi baradaky şertnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we mundan beýläk-de ösdürmek, iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmek we dostluk gatnaşyklary Türkmenistan-Hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryndan biri hasaplandy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan hökümeti bilen Hytaýyň arasyndaky 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasy (2021-2025), Kiberhowpsuzlyk boýunça Halkara Hyzmatdaşlyk Ylalaşygy, Biologiki howpsuzlygy hemde Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek.baradaky Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy hakda resminamalara gol çekildi.