2050-nji ýyla çenli türkmenistan Ýewropa gaz eksport edýär
Türkmenistan 2050-nji ýyla çenli Ýewropa tebigy gaz eksport eder.
“Fars” habarlar gullugynyň habaryna görä, ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso Ýewropanyň ýaşyl ykdysadyýete tarap gitmek isleýändigini, ýöne 2050-nji ýyla çenli adaty uglewodorod ýangyjyny ulanmalydygyny, şonuň üçin 2050-nji ýyla çenli Türkmenistanyň, Ýewropa gaz eksport edip biljekdigini aýtdy.
Alonso sözüniň dowamynda Ýewropanyň şu günki syýasatynyň 2050-nji ýyla çenli kömürturşy gazyny azaltmak ýa-da ýok etmekdigini aýtdy.
Ýewropa Bileleşigi ýel, gün, gidroenergetika we ş.m. ýaly täzelenip bolýan energiýa çeşmelerine ýüzlenýär, ýöne adaty nebit we gaz göterijilerini näçe wagtdan kenarda goýup biljekdigini entek bilenok diýip ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso sözüne goşdy.