Türkmenistan YHG bilen gatnaşyklary ösdürmegi meýilleşdirýär
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i14768-türkmenistan_yhg_bilen_gatnaşyklary_ösdürmegi_meýilleşdirýär
Türkmenistanyň prezidenti bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň duşuşygynda esasanam söwda, ykdysadyýet we senagat pudaklarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokarlanmagy bellendi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 13, 2021 17:47 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan YHG bilen gatnaşyklary ösdürmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň prezidenti bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň duşuşygynda esasanam söwda, ykdysadyýet we senagat pudaklarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokarlanmagy bellendi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hosrow Nazeri bilen duşuşanda Türkmenistanyň bitarap ýurt we ähli sebitleýin we halkara hyzmatdaşlar we guramalar, şol sanda YHG-sy bilen giňişleýin gatnaşmaga taýyndygyny aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti häzirki forumyň häzirki zaman dünýäsinde gülläp ösmek üçin netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze perspektiwalary we mümkinçilikleri hödürleýändigini aýtdy.

Duşuşykda YHG-nyň agza ýurtlarynyň arasynda netijeli sebit gatnaşyklaryny has-da giňeltmek maksady bilen gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişine şu ýyl has köp gatnaşmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.