Aşgabatda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda hökümetara gepleşikler geçirildi
Aşgabatda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ýangyç, energiýa we transport meselesi boýunça hökümetara gepleşikler geçirildi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Serdar Berdymuhamedow we Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýar dürli meseleler barada pikir alyşmak bilen Söwda, oba hojalygy we daşky gurşaw, bilim we ylym, beýleki ugurlarda maglumat we tehnologiýa alyş-çalşygyndaky gatnaşyklary berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Şeýle hem iki tarap ýangyç we energiýa, senagat we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, hususan-da halkara we sebitleýin transport, ýol, demir ýol we deňiz kuwwatyny peýdalanmagy giňeltmegiň möhümdigini aýtdylar.