Aşgabatda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda hökümetara gepleşikler geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i14882-aşgabatda_türkmenistan_bilen_gazagystanyň_arasynda_hökümetara_gepleşikler_geçirildi
Aşgabatda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ýangyç, energiýa we transport meselesi boýunça hökümetara gepleşikler geçirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 21, 2021 17:38 Asia/Ashgabat
  • Aşgabatda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda hökümetara gepleşikler geçirildi

Aşgabatda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ýangyç, energiýa we transport meselesi boýunça hökümetara gepleşikler geçirildi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Serdar Berdymuhamedow we Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýar dürli meseleler barada pikir alyşmak bilen Söwda, oba hojalygy we daşky gurşaw, bilim we ylym, beýleki ugurlarda maglumat we tehnologiýa alyş-çalşygyndaky gatnaşyklary berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Şeýle hem iki tarap ýangyç we energiýa, senagat we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, hususan-da halkara we sebitleýin transport, ýol, demir ýol we deňiz kuwwatyny peýdalanmagy giňeltmegiň möhümdigini aýtdylar.